Eýranyň Yslam Rewolusiýasynyň Mertebesi belent ýolbaşçysynyň günbataryň umum ýaşlaryna garap ýazan ikinji haty

 

Merhemetli we bagyşlaýjy Allanyň ady bilen

günbataryň umum ýaşlaryna

Fransiýada ýüze çykan kör terrorizm ýene bir gezek meni siz ýaşlar bilen gürleşmäge iterdi.bu hili wakalaryň ýenede agza dile düşmegi meniň üçin gaty gynandyryjydyr,emma  egerde bu hili ajy wakalar oňa çäre görülmegine şert döretmese onuň zyýanlary iki esse boljakdyr.

Dünýäniň her bir künjeginde bolsada her bir ynsanyň ejir çekmegi  adamzat üçin gynandyryjydyr.öz ezizleriniň göz öňünde jan berýän çaganyň teswiri, maşgalasynyň toý tomaşasynyň ýasa dönýän enäniň teswiri, öz aýalynyň meýidini hal-harasat bolup bir tarapa alyp barýan adamyň teswiri ýada  bu sahnalara şaýat bolup duran we ýene bir az wagtdan soňky demini sanap geçjek  adamyň teswiri  adamzadyň duýgusynda täsir galdyrmajak zat däldirler.

 

Muhabbet we adamkärçilikden peýda gören her bir adam bu wakalary görüp ýüregi ynjaýar,şindi bu wakalar Fransiýada bolsun ýada Palestina, Yrak, Liwan ýada Siriýada bolsun hiç parh etmez.1/5 milliard musulmanda şeýle bir duýgynyň ele gelýäninde şek şübhe ýokdyr,olar bu hili pajygalardan bizardyrlar.emma şu arada  bu ili wakalaryň gowy  we howpsuz geljegi ýasamaga şert döretmese diňe bir ajy hatyra bolup galjakdyrlar.men diňe siz ýaşlaryň durmuşky ýaramazlyklardan pent alyp täze geljegi ýasamak üçin täze ýollary saýlap biljegiňize ynanýaryn.

 

Terrorizmiň , biziň we siziň bilelikdäki derdidigi dogrydyr emma  soňky hadysalarda duýan wehimleriňiz we gaýgylaryňyz  ençeme ýyllap Yrak, ýemen, Siriýa we Owganystan halklarynyň çeken ejirlerinden tapawutlanýar.birinjiden Yslam  dünýäsi giň möçberde , köp gezek  we uzak möhlet gorkunç we zorlukly hereketleri gurbany bolandyr. Ikinjiden gynansakda bu zorlukly hereketlere uly gudratlar tarapyndan dürli şiweler arkaly goldaw ýetişendir. Bu gün Alkaida,Talyban we bu toparlara eýerýän  toparlary Amerikanyň ýaraga besleýändigini bilmeýän adam gaty azdyr.bu göni hemaýatlaryň ýany bilen tekfiri terrorizmiň tanalýan hemaýatçylary iň yza galak syýasy düzümlerden  paýly bolmaklaryna garamazdan günbatara birleşenleriň hatarynda ýerleşendirler we şol bir wagtda aktiw demokratiýa we öňdebaryjy we aýdyň ideýalar sebitde rehimsizlik bilen basgylanýarlar.günbataryň Yslam dünýäsinde ýüze çykan Yslam oýalygy baradaky iki ýüzli boluşy günbataryň birek-birege çapraz gelýän syýasatlarynyň mysallaryndandyr.bi hili çaprazlylygyň  ýene bir görnüşini Ysraýylyň döwlet terrorizmine berilýän hemaýatlarda görse bolýar.

 

Palestinanyň mazlum ilaty 60 ýyldan gowrakdyr iň erbet terrorizmi tejribe edip gelýändir.egerde Ýewropanyň ilaty bir näçe gün bäri öz öz öýlerine pena getirip duran bolsalar we jemgyýetiň güri ýerlerine we umumy mekanlarda huzurly bolmakdan saklanýan bolsalar Palestinaly maşgala onlarça ýyllap hatda öz öýlerinde hem Sionit režimiň gyryş maşynyndan aman däldir.

Durmuşda Sionist režimiň şäherçe gurmak işlerine deň gelýän zorlukly hereketi ň taýyny tapyp bolarmy?bu režim  bileleşenleri ýada halkara köpçüligi  ýada garaşsyz halkara organlary tarapyndan käýinmezligi bilen bir wagtda her günde Palestinalylaryň öýlerini weýran edýär we baglaryny we ekiş ýerlerini hem dargatýar.we hatda   sionist režimi Palestinalylara  öý esbaplaryny göçürmäge hem wagt berýän däldirler we bu li wakalar öz içeri maşgalasynyň  agzalarynyň urup ýenjilip durulýanyny gözleri görüp duran çagalaryň we zenanlaryň öňünde ýüze çykýandyr.häzirki zamanda bu derejede we bu hili uzak möhlet ejir berilýän halky görüp bolýarmy?

Ýaragly bir esgere nägilelik bildirmegi babatly bir aýalyň köçäniň ortasynda  oka tutulmagy terrorizm bolman eýsem näme?bu jenaýat basybalyjy döwletiň esgeri tarapyndan amala aşyrylansoň ekstremistik hereket hasaplanmaly däldir.

 

Bu hili jenaýatlar 60 ýyldan gowrak bäri telewideniýeden yzygiderli  görenimiz üçin ol biziň wyždanymyzy öjükdirmeli dälmi?

Soňky ýyllarda Yslam dünýäsine garşy goşun çekilmeleriň köp heläkçilikleri bolandyr bu bolsa günbataryň gapma-garşylykly mantygynyň mysalydyr.

Hüjüm astyna alynan ýurtlar ynsanlyk heläkçiliklerden aýry ykdysady we senagat boýunça düýp gurluşyklaryny hem eldem berendirler.

Olaryň ösüşe tarap hereketi togtandyr ýada gaty  azalandyr we käbir ýerlerde onlarça ýyl yza gaýdandyrlar.emma oňa garamazdan hüjüm astyna alynan halklardan özlerini mazlum hasaplamzlyklary islenilýär.nähili bolýar bir ýurdy weýrana dönderip we ol ýurduň obadyr şäherlerini küle dönderip onsoň olardan özlerini mazlum hasaplamazlygyny isläp bolar?  Pajygalary düşünmezlige ýada unudylmaga çagyrmagyň ýerine amala aşyrlam jenaýatlar babatly ötünç soralmagy  gowrak dälmi?geçen ýyllarda hüjümçileriň ikiýüzliliginden çeken ejiri maddy zyýanlaryndan az däldir.

 

Eziz ýaşlar!  Durmuşda ýada golaý geljekde bu hilebazlykly pikiri üýtgedip biljekdigiňize umytlydyryn.meniň pikirimçe howpsuzlygy we aramlygy döretmek ugurdaky birinji  tapgyr bu zorlukly endişäniň düzeldilmegidir.ikilik ölçegleriň günbataryň syýasatlaryna musallat bolup durýan mahaly we terrorizmiň onuň gudratly hemaýatçylaryny garaýşyndan  gowy we erbet kysymlara bölünýän wagty  şeýle-de döwleriň bähbitleriniň ynsanlyk we ahlaky  gymmatlyklara üstem çykarylýan mahaly zorlukly hereketleriň köküni başga ýerlerde gözlemek gerek däldir.

 

Gynansakda bu kökler ýyllaryň boýunda günbataryň medeni syýasatlarynyň çuňluklaryna ornandyr we bir ýumşak we gizlin hüjümi düzgünleşdirendir.

Aglaba ýurtlar öz milli medeniýetlerine buýsanýandyrlar,bu medeniýetler döredijiligi bilen bir wagtda ýüzlerçe ýyllap adamzat köpçüligini gowy iýmitlendirendir.Yslam dünýäsi hem bu kadadan daşarda däldir emma häzirki zamanda günbatar dünýäsi döwrebap abzallardan peýdalanyp dünýä medeniýetleri kybapdaşdyrmaklyga aýak direýär. Men günbatar medeniýetiniň beýleki milletlere töňkelmegini we beýleki garaşsyz medeniýetleriň kiçeldilmegi  bir hili zorluk we gary zyýanly bilýärin.

Baý medeniýetleriň harlanmagy we onuň iň sylagly taraplarynyň ýaňsylanmagy şeýle bir ýagdaýdadyr welin onuň öwezine töňkelýän medeniýet asla  gerek potensiýaldan paýly däldir.mysaly  günbataryň medeniýetiniň asly düzümine ornan agressiýa we ahlaky bibaşlylyk hatda günbatarda hem orny pese gaçandyr.

 

Indi eger biz uruşparaz,haýasyz we manysyz medeniýeti islemesek biz günäkärmi diýlen sorag ara gelýär.

Men medeni baglanşyklaryň gymmatlylygyny we ähmiýetini inkär etmeýärin , bu baglanşyklar  tebigy ýagdaýda we sylag hormatlanyp bir köpçülige hödürlenende  ösüşi we öňe gidijiligi sowgat getirýär.onuň garşysynda deň gelmeýän we utgaşmadyk  töňkelen medeniýet  zyýanlydyr.gaty gynanç bilen DAEŞ ýaly pes toparlar bu hili töňkelme medinetler bilen bir ugra gitmegiň netijesidir.eger kynçylyk ideýa bagly bolan bolsady imperializm asyryndan öňürti  bu hili gopgunlary yslam dünýäsine görünerdi emma taryj oňuň tersine güwä geçýändir.

 Imperializm ideýasy bilen çölde dörän  ekstremistiki  ideýasynyň utgaşmagynyň sebitde ekstremistik  hereketleriň tohumyny ekip gidenligini Taryhy senetler  açyk tärde beýan edýär ýogsam dünýäniň iň ahlakly we aňrybaş gumanitar dini mekdebi hasaplanýan we bir adamy öldürmekligi bütin adamzat neslini gyrmak bilen barabar bilýän diniň içinden DAEŞ ýaly zibiliň döremegi  nähili mümkindir?

 

Ol bir tarapdan Ýewropada dünýä gelen  adamlar we şol ýerde pikiri we ruhy taýdan tälim alan adamlaryň bu hili terrorçy toparlara goşulmaklary nähilidir?

Şol adamlaryň bir ýada iki gezek  uruş sebitlerine baryp birdenkä ekstremiki  ideýalara ýogurlyp öz watandaşlaryny oka tutmaga razy bolmagyna ynanyp bolarmy? Bir ömür hapa öride sagdyn bolmadyk medeni  iýmitler bilen iýmitlenen adama galdyran täsiri unudylmaly däldir. Bu barada köpugurly we kämil  barlaglar geçirilmelidir bu barlaglar köpçüligiň gizlin we äşgär  hapalyklaryny tapyp başarmalydyr.megerem senagat we ykdysady taýdan gülläp ösen ýyllarynda ýüze çykan parhlylyklar we ala görülmeler we mümkinde kanuny we düzümleýin alalyklar günbatar ilatynyň käbir gatlaklarynda dörän düwünleriň mahal-mahal bu hili kesel görnüşinde özüni görkezýän bolmagy mümkindir.

 

Her halda öz köpçüligiňiziň gatlaklaryna aralaşyp  onuň düwünlerini  çözüp bar bolan kineleri tapyp aýyrmaklyk siz ýaşlaryň boýnunadyr.

Aradaşlyklary çuňlaşdyrmaly dälde eýsem ony düzeldip ýakynlaşdyrmaly.terrorizme garşy göreşde  baş goşulýan iň uly ýalňyşlyk  howlukmaçlyk bilen gaýtawul berilmegidir.

Hijanly we howlukmaçlykly amala aşyrylýan her bir hereket Ýewropada we Amerikada ýaşaýan musulmanlary  çetleşdirse ýada gorka gabat getirse olary öňkiden beter asly hukuklarynda alyp galjakdyr.ýüzleý gaýtawullaryň hususanda kanuny bolsa polýarizasiýalaşmagy artdyrmak bilen geljekki dartgynlylyklara ýol açmakdan gaýry netijesi bolmaz.

Gelip gowşan habarlar esasynda käbit günbatar ýurtlarynda ýewropaly raýatlary musulmanlara garşy içalylyk etmäge mejbur edýän kanunlar tassyklanandyr.bu boluş zulum etmekdir we zulumyň özüne öwrülip bilýän häsiýetiniň bardygyny hemmämiz bilýändiris.

Musulmanlar bu hili jepalara laýyk däldirler.günbatar dünýäsi asyrlar boýy musulmanlary tanandyr.kesekileriň yslam topragyna myhmançylyga gelip öý eýesiniň mal mülkine göz garaldan mahaly şeýle-de gonakdar höküminde musulmanlaryň pişesinden we pikirinden peýdalanan mahlay musulmanlardan mähribanlykdan we sabyrlylykdan gaýry zat gören däldir.

Oňa görä men siz ýaşlardan  yslam dünýäsi bilen şerapatly  we dogry çemeleşilmegine şert döredip biljek hereketleriň düýbini gurmagyňyzy isleýärin, şeýle bolan ýagdaýynda şu berk esasda bina bolan hereketiň ony döredenleriň başyna ynam saýasyny saljakdygyny ýakynlykda görüp bolar, olara howpsuzlyk we aramlyk gyzgynlygyny hödür etjekdir we aýdyň geljegi dünýä buşlajakdyr.

 

Seýit Aly Hameneýi

1394/09/08

تمامی حقوق این وب سایت متعلق به نهاد نمایندگی مقام معظم رهبری در دانشگاه محقق اردبیلی می باشد